Sizi Kök Dizaýn onlaýn platformamyzda hoş gördük!

Ulanyş düzgünleriniň we gizlinligiň özara ylalaşygy

KÖK Dizaýn - Internet Marketi (Mundan beýläk – “KÖK Dizaýn”) we www.kok.com.tm internet saýty (Mundan beýläk – “Saýt”) bilen, onuň agzasynyň (“Agza”) arasynda aşakdaky şertleri ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gelindi.

 

Umumy düzgünler

Agza, Saýtda bellige alyş işlerini tamamlandan soň, şu Ylalaşykda bellenen şertlere eýermek bilen telefon belgisini we açar sözüni girizip, Saýty ulanmaga başlap biler.

Agzanyň Saýty ulanyp başlamagy Ylalaşygyň ähli şertlerini kabul edýär diýip hasaplanylýar.

Ylalaşyk agzalygyňyzyň ýatyrylmagy bilen güýjüni ýitirjekdir.

KÖK Dizaýn şu Ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip biler.

Saýtyň belli ýerlerinde, umumy düzgünler, şeýle hem degişli bölüme laýyk başga şertler-de bellenilip biliner. Hyzmatlarymyzdan peýdalanýan Agza, degişli şertleri okan we kabul eden hasaplanýar.

 

Agzanyň hukuklary we borçlary

Saýt ähli adamlaryň ulanmagy üçin açykdyr.

Agza Saýty ulananda, Ylalaşykda bellenen ähli şertleri kabul edýär.

Agza Saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etjekdigine borçlanýar.  

Agza beýleki agzalaryň we zyýaratçylaryň saýty ulanmagyna päsgel beriji ýa-da agyrlaşladyryjy hereketlere baş goşmaly däldir. Baş goşan ýagdaýynda, Kök Dizaýn tarapyndan agzalykdan çykaryljakdygyny we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykjak her bir hukuk we jerime jogapkärçiligini öz üstüne kabul edýär.

Saýtyň içinde şeýle hem sosial ulgamlarda operator bilen ýazyşmalaryň göçürmesiniň saklanmagy agzalaryň jogapkärçiligindedir. Bu Kök Dizaýn tarapyndan maslahat berilýär. Ýazyşmalaryň göçürmesi saklanmadyk ýagdaýynda, ýitmeginden ýa-da pozulmagyndan Kök Dizaýn jogapkär däldir.

KÖK Dizaýn ýa-da Agzanyň özi tarapyndan ýatyrylan hasaba degişli ýazgysyny Agzanyň garşy talabynyň bolmadyk ýagdaýynda, KÖK Dizaýn ony pozmakda ýa-da pozmazlykda erkindir.

Agza Saýta registrasiýa bolanynda ýa-da hyzmatlaryndan peýdalananynda şahsy we beýleki maglumatlarynyň dogrulygyny we bu maglumatlaryň dogry bolmadyk ýagdaýynda KÖK Dizaýnyň bu sebäpden görjek ähli zeperlerini tölejekdigini kabul edýär.

 

Kök Dizaýnyň hukuklary we jogapkärçiligi

Agza saýty ulanmak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny we şu Ylalaşygyň şertlerini bozan ýagdaýynda KÖK Dizaýnyň birtaraplaýyn Agzany agzalykdan çykarmaga hukugy bardyr.

Agzalara KÖK Dizaýn tarapyndan saýta agza bolmagy bilen berilen ýa-da öz bellän agza ady, açar sözi ýaly maglumatlaryň ulanmagyny, başga adamlara beren ýagdaýynda, açar sözüniň başga adamlar tarapyndan ýaman niýet bilen ulanylmagyndan Agza jogapkärdir. Şeýle-de, Agza internet äleminde başganyň IP adresini, e-poçta adresini we ulanyjy adyny ulanyp bilmeýändigi bilen birlikde, Agzalaryň şahsy maglumatlaryny rugsatsyz ulanyp bilmeýär. Ulanylan halatynda, ýüze çykjak ähli hukuk we jerime jogapkärçiliklerini Agza öz üstüne alýar.

 

Alynan maglumatlar we olaryň ulanylyşy

Saýtyň hyzmatlaryndan ulanýan döwrüňizde we/ýa-da saýtymyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, e-poçta adresiňiz, telefon belgiňiz, jynsyňyz, doglan günüňiz, eltip berme adresiňiz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykýar. Saýtda alynan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

Siziň hususy hasabyňyzy döretmek.

Sargydy ýerine ýetirmek, tamamlamak we müşderilerimiz bilen aragatnaşyk saklamak.

Sargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar hakda maglumat bermek.

Müşderilerimiziň söwda saýlawlaryny anyklamak we olara teklipler hödürlemek.

Trend seljermeleri we statistik seljermeler etmek.

 

Hukuklaryňyz haýsylardyr?

Bizde saklanan şahsy maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz bardyr. Maglumatlaryňyz ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, maglumatlaryňyzyň düzedilmegini ýa-da aýrylmagyny talap edip bilersiňiz. Biziň bilen aşakdaky ýollar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

 

Salgy: G. Ezizow 9 “Gül Bal”, Garaşsyzlyk 25, “Paýtagt” Söwda Merkezi 1-nji gat.

Telefon:  865 027 888, 865 037 888, 861 557 888, 862 557 888, 863 557 888, 865 557 888.  862 447 888

E-poçta: info@kokdesign.art

 

Ýokarda ýazylan şertleri okadym, düşündim, kanuna we hukuklaryma laýyklykda hereket etjekdigime borçlanýaryn.